Russiýa Federasiýasynyň Teatr işgärleriniň birleşigi halkara medeni integrasiýasyny ösdürmek boýunça işjeň işlerini dowam etdirýär. Aşgabatda Daşary ýurtlardaky rus teatrlaryny goldamak merkezi tarapyndan guralan döredijilikli režissýorlyk barlaghanasy geçirilýär. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Konstantin Gorin saparyň maksatlary, türkmen truppasy bilen işlemegiň aýratynlyklary we ýurt baradaky täsirleri barada gürrüň berdi.
Daşary ýurtlardaky rus teatrlary bilen hyzmatdaşlyk we olary goldamak maksatnamasy 2004-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň goldawy bilen amala aşyrylýar. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu taslama rus dilini wagyz etmäge, milli teatr mekdebiniň däplerini saklamaga we halkara ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda merkeziniň işiniň esasy ugry — russiýaly hünärmenleriň iş saparlaryny guramak we režissýorlyk barlaghanalaryny geçirmekdir.
«Teatr — bu Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özboluşly medeni hyzmatdaşlyk köpüridir. Biziň taslamamyz eýýäm bar bolan şol köpüriniň has-da berkemegine gönükdirilendir» diýip, K. Gorin nygtady.
Toparyň ýolbaşçysy Aşgabat teatrynyň artistleriniň ýokary hünär derejesini aýratyn belledi. Gysga möhletlere garamazdan, döredijilik topary işe ýokary derejede işjeň gatnaşýarlar. Görkezişleri taýýarlamaga bary-ýogy bäş gün wagt berildi, taýýarlyk işleri bolsa her gün 10 sagatdan gowrak dowam edýär. Artistleri we režissýorlary umumy maksat — spektakllaryň täsirli hem-de çuňňur manyly sahna görnüşlerini (eskizlerini) döretmek maksady birleşdirýär.
Teatrdaky gyzgalaňly işlerden başga-da, russiýaly myhmanlar Türkmenistanyň baý medeniýeti we taryhy bilen tanyşmaga-da wagt tapdylar. K. Goriniň sözlerine görä, ýurduň taryhy mirasy bilen tanyşlyk toparyň agzalarynda uly täsir galdyrdy, guramaçylar we ýerli ýaşaýjylar bolsa myhmanlara uly alada we mähirli myhmansöýerlik görkezdiler.
