Aşgabat boýunça medeni ýolbelet: öňümizdäki dynç alyş günlerini nähili geçirmeli?

MilliInfo

18 Iýun, 2026

Aşgabat boýunça medeni ýolbelet: öňümizdäki dynç alyş günlerini nähili geçirmeli?

Öňümizdäki dynç alyş günlerini täsirli geçiriň: paýtagtyň medeni meýdançalary şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ajaýyp maksatnama taýýarlady.

Dynç alşyňyzy şenbe agşamy — 20-nji iýunda sagat 18:00-da «Art-bazar» galereýasynda dramaturg Hemra Şirowyň köptaraply döredijilik dünýäsini açyp görkezýän «Neo-poeziýa» atly interaktiw sergisi bilen başlap bilersiňiz. Soňra, sagat 19:00-da (şol sanda ýekşenbe güni hem şol wagtda) Mukamlar köşgi sizi simfoniki sazlar bilen «duşuşyga» çagyrýar. Rasul Gylyjowyň orkestri «Disney» we «Pixar» studiýalarynyň meşhur multfilmleriniň — «Patyşa ýolbars», «Kung-fu panda», «Doňan ýürek», «Kokonyň syry», «Madagaskar», «Ratatuý», «Ýokaryk», «Moana» we beýleki köp sanly nusgawy eserleriň sazlaryny ýerine ýetirer.

Ýekşenbe güni, 21-nji iýunda sagat 15:00-da Fransuz instituty «Pikirler gijesi» atly intellektual taslamanyň meýdançasyna öwrüler. Maksatnamada emeli aň we ekologiýa temalary boýunça «tegelek stollar» guralar we olar türkmen ýaş zehinleriniň çykyşlary bilen tamamlanar.

Aşgabadyň teatrlary şenbe we ýekşenbe günleri aşakdaky oýunlara çagyrýarlar:

Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry:

20.06.2026: «Hoşlaşasym gelenok» — 19:00.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

20.06.2026: «Super gaýyn ene» — 19:00;

21.06.2026: «Aýdym-sazly konsert» — 19:00.

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry:

20.06.2026: «Söýgi duralgasy» — 19:00;

21.06.2026: «Oýun bir – maza iki» — 19:00.

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

20.06.2026: «Маша и Медведь» 12:00;

20.06.2026: «Изобретательная влюбленная» 19:00;

21.06.2026: «Доктор Айболит» 11:00; 13:00;

21.06.2026: «Женщины 41-го – Шесть невест» 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

20.06.2026: «Şadyýan sazandarlar» — 17:00;

20.06.2026: «Ýartygulak» — 19:00;

21.06.2026: «Janly gurjaklar» — 12:00; 17:00;

21.06.2026: «Çagaly öý bazar» — 19:00.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info