Balkandaky medeniýet marafony: oba senetlerinden nusgawy opera çenli

MilliInfo

27 Iýun, 2026

Balkandaky medeniýet marafony: oba senetlerinden nusgawy opera çenli

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň her bir güni şatlykly pursatlara, ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu bolsa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän medeni baýramçylygyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuny has-da artdyrýar. Hepdeligiň çäklerinde guralýan çäreler milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ýeten derejesini giňden beýan edýär.

Giň gerimli forumyň bäşinji güni hem milli medeniýetimiz we sungatymyz bilen baglanyşykly ähmiýetli çärelere baý boldy. Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki medeniýet öýünde oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi. Munuň özi halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary ylmy esasda içgin öwrenmek hem-de ilat arasynda giňden wagyz etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Bu ýerde milli el işleriniň, usuly gollanmalaryň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

Medeniýet öýünde ýaýbaňlandyrylan dabara maşgala aýdym-saz toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli medeniýetiň we sungatyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine zerur üns berilýär.

Soňra Balkan welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Annagylyç Mätäjiniň, Gurbanaly Magrupynyň döredijiliginde bedew waspyna bagyşlanan edebi duşuşyk geçirildi.

Hepdeligiň çäklerinde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dabara geçirildi. Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan bu çäre belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi.

Medeni forumyň bäşinji gününiň wakalary Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen «Leýli-Mejnun» operasy bilen jemlendi. Bu ýerde teatryň gazanan üstünliklerine degişli maglumatlar, oňa berlen baýraklar, muzeý gymmatlyklary, teatr sungatynda görnükli yz galdyran şahsyýetleriň heýkelleri, sahna oýunlarynda ulanylýan dürli serişdeleriň görnüşleri görkezildi.

Opera tomaşa edenler Diýarymyzda çeper sungatyň, şol sanda opera eserleriniň kämil derejä çykarylmagy we halkara giňişlikde ykrar edilmegi ugrunda edilýän tagallalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Giň gerimli döredijilik forumy üstünlikli dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info