Ýakyn wagtda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «MAMA. Ene-tebigat» atly halkara sergisi açylar. Bu giň gerimli waka Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki taslamasydyr.
Serginiň baş maksady şekillendiriş sungatynyň üsti bilen tebigatyň gözelligini we daşky gurşawy goramagyň wajyplygyny nygtamakdan ybaratdyr. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary bu döredijilik ekspozisiýasyna noýabr aýynyň ortalaryna çenli tomaşa edip bilerler.
Garaşylýan bu waka barada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly kabul edişlikde habar berdi.
Diplomat öz çykyşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, däp bolşy ýaly, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň berk binýady we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Yzygiderli guralýan Medeniýet günleri, özara sungat sergileri, aýdym-saz festiwallary we ynsanperwer başlangyçlar diňe bir iki doganlyk halky has-da ýakynlaşdyrman, eýsem, döwletara dialogyň üznüksiz berkemegine hem ýardam edýär.
Şeýle derejedäki bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi ýurtlaryň arasyndaky ýokary ynamy, taryhy we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyny, şeýle hem Aşgabadyň we Bakuwyň sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmasyny aýdyň subut edýär.
