Öňümizdäki dynç günlerinde «Aşgabat» kinoteatry çagalary we olaryň ata-enelerini gyzykly filmler bilen begendirer.
10-njy ýanwarda sagat 17:00-da kinoteatrda Lýuis Kerrolyň adybir eseri esasynda surata düşürilen we 2025-nji ýylyň rus önümi bolan «Alisa täsinlikler dünýäsinde» atly erteki-filmi görkeziler.
10-njy ýanwarda bolsa sagat 19:00-da «Çeburaşka 2» atly rus komediýasy görkeziler. Kinofilm 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap giň ekrana çykdy we eýýäm kassa ýygymlary boýunça rekordlary täzeleýär.
Nusgawy sungaty söýüjilere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem täsirli sowgat garaşýar.
Şu gün, 9-njy ýanwarda sagat 19:00-da Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri «Täze ýyl owazlary» atly konsert maksatnamasyny hödürlär.
Paýtagtymyzyň teatrlary hem Täze ýyl konsertlerine we oýunlaryna çagyrýarlar:
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda
10.01.2026: «Iň şadyýan wäşiler» 19:00;
11.01.2026: «Iň şadyýan wäşiler» 19:00.
Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:
10.01.2026: «Gülki sowgady» 19:00;
11.01.2026: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:
10.01.2026: «Дед Мороз vs Снежная Королева» 12:00; 14:00;
10.01.2026: «Индийская любовь» 19:00;
11.01.2026: «Гринч, похититель Нового года» 11:00; 13:00;
11.01.2026: Концерт «С Новым годом!» 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
10.01.2026: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar», «Altyn jüýje» 12:00; 15:00;
10.01.2026: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar», «Jüyteniñ toýy» 19:00;
11.01.2026: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar», «Çagalyk älemgoşary» 12:00; 15:00;
11.01.2026: «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar», «Gülki agşamy» 19:00.