2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy. Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi.
Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Etrabyň esasy üstünlikleri hökmünde aşakda bellenenleriň görkezmek bolar:
Infrastruktura: Etrabyň Bitaraplyk şäherçesinda bir we iki gatly kottej görnüşli 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, mekdep, çagalar bagy, Saglyk öýi we beýleki sosial desgalar açyldy.
Oba hojalygy: Etrabyň irki ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän daýhanlary ekerançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň möçberiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Telekeçilik: Ýerli işewürlik işjeň ösýär. Telekeçiler ýerli sarp edijileri zerur önümler bilen bolelin üpjün edip, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna hem goşant goşýarlar.
Medeniýet we miras: ÝUNESKO-nyň ýadygärliklerini özünde jemleýän etrap taryhy mirasy aýawly saklamagy sanlylaşdyrma we döwrebap gurluşyk işleri bilen utgaşdyrýar.
Ajaýyp çärä gatnaşmak üçin ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşandyna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de yhlasly, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Dabara bagtyýar döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen jemlendi. Şeýle hem Bitaraplyk şäherçesindäki «Köneürgenç» toý mekanynda şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.