«Türkmenpoçtanyň» «Çaparçylyk hyzmaty» gullugy Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär. Indi ýollamalary kabul etmek we gowşurmak hyzmatlaryndan peýdalanmak has-da amatly boldy. Täze hyzmat ediş nokady 5-nji poçta şahamçasynyň (744005) çäginde açyldy, bu ýerde müşderiler ugratmaly ýüklerini tiz wagtda resmileşdirip ýa-da öz salgylaryna gelen ýollamalary kabul edip bilerler.
Eltip bermegiň döwrebap görnüşi Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda barha uly islege eýe bolýar. «Türkmenpoçta» tarapyndan hödürlenýän çaparçylyk hyzmaty «gapydan gapa» görnüşinde amatly çözgüdi hödürleýär: indi poçta şahamçasyna barmaga we nobata durmaga wagt sarp etmek gerek däl — çapar görkezilen salga baryp, ýollamany alyp gaýdar we ony bütin Türkmenistanyň islendik nokadyndaky alyja ýetirer.
Müşderiler «Çaparçylyk hyzmatyny» amatlylygy, ygtybarlylygy hem-de hödürlenýän hyzmatlaryň giň gerimliligi üçin saýlaýarlar. Çaparlar ýörite taýýarlyk tapgyrlaryny geçýärler we önümleriň howpsuz hem-de öz wagtynda eltilmegini üpjün edip, her bir ýollama aýratyn üns bilen çemeleşýärler.
Çapary birnäçe usul arkaly çagyrmak mümkindir: kompaniýanyň resmi post.tm saýty, şeýle hem «Google Play» we «App Store» platformalarynda elýeterli bolan «ÇaparPay» ykjam goşundysy arkaly sargyt edip bilersiňiz.
Ýollamalary kabul etmegiň we gowşurmagyň täze nokady 5-nji poçta şahamçasynyň çäginde, şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, 1-nji kiçi etrapça, Azady köçesi, 4-nji «A» jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 92 14 95.
«Çaparçylyk hyzmaty» müşderiler üçin ýollamalary ugratmagy we kabul etmegi has çalt, elýeterli hem-de oňaýly edip, döwrebap poçta hyzmatlaryny ösdürmegini dowam etdirýär.
