4 – 9-njy noýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde kuraş boýunça XV dünýä çempionaty geçildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri ýaryşyň iki medalyna eýe boldular. 67 döwletden 192 türgeniň gatnaşmagynda geçen çempionat diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
90 kilogram agram derejesinde çykyş eden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Ylham Kemalow kümüş medala eýe boldy. Zehinli türgeniň öz agramynda dünýäniň wise-çempiony bolmagy Watanymyzda kuraş göreşiniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezdi.
Kemal bilen bir bölümde gulluk edýän ýaş türgen Gadyr Agamämmedow bolsa 66 kilogram agram derejesinde bürünç medala eýe boldy.
Kuraş boýunça ýygyndy toparymyzyň dünýä çempionatyndaky uly üstünligi sportuň şu görnüşinden täze we has uly netijeleriň badalagasy bolar.
