Aziýa çempionatynda 16 medal: Türkmenistanyň kuraş boýunça ýygyndy toparynyň Koreýadaky üstünligi

MilliInfo

30-njy iýuldan 4-nji awgusta çenli Koreýa Respublikasynyň Geosan şäherinde kuraş boýunça geçirilen 14-nji Aziýa çempionatynda çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 16 medal gazandy. Türkmen türgenleri dürli agram derejelerde baýrakly orunlara eýe boldular. Olar ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 1 altyn, 6 kümüş we 9 bürünç medal getirdiler.

Abraýly ýaryşa Aziýanyň 25-den gowrak ýurdundan takmynan 600-e golaý türgen gatnaşdy. Bäsleşigiň diýseň çekeleşikli geçendigine garamazdan, biziň pälwanlarymyz diňe bir güýçlerini we ussatlyklaryny däl, eýsem, hakyky çempionlara mahsus hyjuwlaryny hem görkezdiler.

Ýygyndy toparymyzyň bu üstünligi tejribeli tälimçiler Dortguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygynda alnyp barlan utgaşykly taýýarlygyň, ykjam türgenleşigiň miwesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo