Daşoguz iň güýçlileri garşylaýar: Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Gran-Prisiniň nobatdaky tapgyry tamamlandy

MilliInfo

18 Sentýabr, 2025

Türkmenistan Küşt federasiýasynyň abraýly Gran-Prisiniň nobatdaky tapgyry demirgazyk sebitiň merkezinde geçirilip, ýurduň iň ökde oýunçylaryny jemledi. Ýokary bäsdeşlik atmosferasynda geçen jemleýji tapgyr dartgynly duşuşyklara baý boldy.

Bäsleşige 128 küştçi gatnaşdy. Şolaryň 85-si açyk derejede, 43-si bolsa zenanlaryň bäsleşiginde çykyş etdi.  Dokuz tapgyrda geçen bäsleşik nusgawy wagt gözegçiligi bilen şweýsar usulynda oýnaldy: gatnaşyjylaryň her biri üçin oýna 90 minut, şeýle-de her göçüme 30 sekunt  artdyrmak. Bu format diňe bir oýnuň ýokary derejesini üpjün etmekde däl, eýsem, küştçileriň kämil taýýarlygyny hem talap edýär. Şol sebäpden hem, bu ýaryşda üstünlik gazanmak diýseň mohümdir.

Gyzlaryň ýaryşynyň esasy oýunçysy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Leýla Şöhradowa (9 ballyň ählisini eýelän) boldy.

Kümiş medaly Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa (7,5 ball) aldy.

Üçünji ýeri Magtymgyly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Aýşa Gubataýewa (6,5 ball) eýeledi we özüni ýurduň öňdebaryjy küştçileriniň biri hokmünde görkezdi.

Erkekleriň açyk derejedäki ýaryşy diýseň ýakyn netijeler bilen jemlendi we diňe jemleýji tapgyrda ýeňijiler kesgitlendi:

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş sekretary Mergen Kakabaýew 9 balldan 8-sini toplap, altyn medal gazandy. Tejribesi we oýnunyň strategiki çuňlugy onuň türkmen küştçüleriniň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Kümüş medala Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmuhammet Hommadow (7 utuk) mynasyp boldy.

Bürünç medaly Türkmenistanyň milli zenanlar toparynyň tälimçisi Şahruk Turaýew (7 utuk) eýeledi.

Öňde Gran-Priniň Türkmenbaşy, Mary tapgyrlary hem-de paýtagtda geçiriljek final bölegi bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo