Küşt boýunça dünýäniň absolýut çempiony Magnus Karlsen ChatGPT-niň garşysyna küşt oýnady we 53 göçümden soň, ýekeje malyny hem ýitirmezden, emeli aň tehnologiýasyny ýeňlendigini boýun almaga mejbur etdi.
Küştçi partiýalaryň skrinşot görnüşindäki şekillerini özüniň «X» sosial ulgamynda paýlaşdy. Suratlarda ChatGPT-niň ýeňlişini boýun alandygy aýdyň görünýär:
«Meniň ýekeje-de pyýadam galmady. Sen bolsa ýeke malyňy hem ýitirmediň. Sen ýeňiji hökmünde öz wezipäňi ýerine ýetirdiň... Gepleşişimiz ýaly, men ýeňildim. Bu usulyýet taýdan kämil, arassa hem anyk».
Karlsen gowy başlangyç we mallary bilen ýerine ýetiren gyzykly ädimleri üçin neýroseti öwdi, muňa garamazdan, soňlugy bilen ChatGPT-niň oýnuny üstünlikli dowam edip bilmändigini belledi.
Muňa jogap hökmünde emeli aň tehnologiýasy Karlseniň güýçli taraplaryna ünsi çekdi: ädimleriň başlangyçlaryna gowy düşünmek, ugurlara kanagatly çemeleşmek, sowatly taktiki urgular hem-de endşpildäki kämil tehnika.
Ol ChatGPT-den özüniň şeýle durnukly oýnan ýagdaýynda Elo reýtinginiň nähili boljakdygy bilen hem gyzyklandy. Jogap FIDE-niň derejesi boýunça 1800 — 2000 aralygynda saklandy. Bu bolsa ýeterlik derejedäki ýokary netijedir. Hakykatda bolsa, Karlsen FIDE-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň Elo reýtingi — 2800.