Messiniň mirasy kime ýetdi: Lamin Ýamal «Barselonada» 10-luk belgä mynasypmy?

MilliInfo

12 sagat öň

«Barselonanyň» 10-luk belgisi ýöne bir san däl, ol klubyň ruhudyr, onuň ýyldyzlarynyň simwolydyr. Messi, Maradona, Ronaldinýo, Riwaldo… ýaly birnäçe ägirtler bu belgini rowaýata öwürdiler. Häzir bolsa Lamin Ýamal bu mirasy dowam etdirmäge synanyşýar. Ansu Fati we Filippe Koutinýo ýaly zehinli futbolçylar Lionel Messiden soňra bu belgä eýe çyksalar hem, onuň ornuna eýe bolup bilmediler. Çünki başda aýdyşymyz ýaly, «Barselonada» «10-luk» bolmak — uly jogapkärçilik. Häzirki wagtda Ýamalyň «Barselonada» 10-luk belgili köýnekçäni geýmegi Messiniň ýaşlygyny ýatladýar. Köpler ony «Täze Messi» diýip atlandyrýar. Bu babatda ol 10-luk belgisini alanyndan soň beren interwýusynda şeýle diýýär:

— 10-luk belgili köýnekçäni geýmek — meniň üçin uly hormat hem-de uly jogapkärçilik. Messi — dünýäniň iň beýik oýunçusy. Men Messi we Ronaldinýo ýaly beýik futbolçularyň yzyna eýermek üçin uly ýoluň başynda durun. Bu belgä mynasyp bolmak üçin entek köp zähmet çekmeli we men muňa taýýar.

Häzirki wagtda dünýäniň futbol janköýerleriniň aglabasynda «Lamine Ýamal 16 ýaşynda bu uly jogärkärçilikli işiň hötdesinden gelermi ýa-da «Barselonanyň» taryhyndaky käbir şowsuz «10-luklaryň» hataryna siňip gidermi?» diýen sowal bar.

Siziň pikiriňizçe, Lamin Ýaman «Barselonada» 10-luk belgä mynasyp oýun görkezip, adyny rowaýata öwrüp bilermi?!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo