Tamamlanan okuw ýylynda Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 384 sany umumybilim berýän orta mekdep, 3 sany mekdep-internaty hem-de Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edip, olarda 337 müň 93 okuwçy bilim we terbiýe aldylar. Häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň welaýat boýunça 284 sanysy bolup, olarda jemi 54 müň 957 çaga terbiýelenýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Gündogar sebitde 2024 — 2025-nji okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleri uçurymlaryň 21 müň 364-si tamamlady. Şeýle hem täze okuw ýylynda orta mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 24 müň 830-dan gowragynyň gelmegine garaşylýar. Ilkinji gezek mekdep bosagasyndan ätleýän körpeler üçin hormatly Prezidentimiziň sowgatlyk kompýuterleriniň doly alnyp taýýar edilendigini aýdyp geçmek buýsançlydyr. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 40-a golaýy hereket edýär. Bu mekdeplerde ýöriteleşdirilen dersler boýunça sapaklaryň çuňlaşdyrylan görnüşde okadylmagy, mekdeplere tejribeli bilim işgärleriniň işe çekilmegi we zehinli çagalaryň seçilip alynmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.
Gündogar sebitde täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri tamamlanyp, täze 2025 – 2026-njy okuw ýylyna doly taýýar edilipdir.