Lebapda täze suw desgasy işe girizildi

MilliInfo

31 Oktýabr, 2025

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde suwuň basyşyny ýokarlandyryjy beket hem-de agyz suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Täze desganyň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimliginiň, degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle hem Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Täze desga Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmeklige niýetlenendir. Suwuň basyşyny ýokarlandyryjy bekediň hem-de agyz suw geçirijisiniň gurluşygy «Ark» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze desga 1,14 gektar meýdanda ýerleşip, bir gije-gündiziň dowamynda 389 kub metr suw geçirmäge niýetlenen, kuwwaty 132 kwt bolan 4 sany elektrik dwigatelinden, elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmeklik üçin kuwwaty 630 kwt bolan 2 sany elektrik bekedinden, şeýle hem kuwwaty 500 kwt-a barabar bolan, dizel ýangyjy bilen işleýän ätiýaçlyk elektrik energiýasyny öndürijiden ybarat.

Täze agyz suw bekedinde gelýän arassa suwy saklamaklyk üçin göwrümi 2 müň 500 kub metre deň bolan bir we bir müň kub metre barabar bolan 2 sany üsti örtükli howuz ýerleşýär. Bu ýere arassalanan arassa suw «Lebapwelaýatagyzsuw» önümçilik birleşiginden 15,1 kilometr uzynlykly turbalar arkaly getirilýär. Suwuň basyşyny göterýän, bir gije-gündiziň dowamynda 4 müň 500 kub metr suw geçirmäge ukyply beketden arassa agyz suwy 4,3 kilometr aralyga — Azatlyk şäherçesine, ýagny sarp edijilere ugradylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info