Ýokary hilli janly sazyň we täsirli şüweleňleriň muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursady gelip ýetdi. Paýtagtymyzyň sahnasyna dünýä saz senagatynyň dürdane eserlerini birleşdirýän Tahyr Ataýewiň orkestriniň iň köp isleg bildirilýän we gyzgyn çekişmeleri döreden konsert taslamalarynyň biri dolanyp gelýär.
5-nji awgustda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda dürli saz eýýamlaryna şüweleňli gaýybana gezelenç guralar.
Şol agşam orkestriň ýerine ýetirmeginde diňe iň naýbaşy eserler ýaňlanar. Tomaşaçylar saz dünýäsini üýtgetmegi başaran rowaýaty ýyldyzlaryň mirasyna şaýat bolarlar:
Ýurdumyzyň meşhur «Güneş» toparynyň özboluşly ritmleri;
Maýkl Jeksonyň ölmez-ýitmez pop-energiýasy;
«Queen» toparynyň rok-hitleriniň belentligi;
Reý Çarlzyň jaz zehini;
Elton Jonyň romantikasy;
Merilin Monronyň gaýtalanmajak nusgalary we beýleki beýik artistleriň eserleri.
Guramaçylar çäräniň ýokary derejesini üpjün edýärler: gezekli-gezegine ýerine ýetirilýän ýönekeý sazlaryň ýerine diňe ýüz göterim dünýä hitleri, janly ses we nusgawy partituralaryň düýbünden täzeçe beýany garaşýar. Bu bolsa orkestriň hatda iň inçe göwünli tomaşaçyny-da geň galdyrmaga güýjüniň ýetýändigini subut eder.
Konsertiň biletleri eýýäm satuwa çykaryldy. Bu maksatnama uly isleg bildirilýändigini göz öňünde tutup, guramaçylar ýerleri öňünden sargyt etmegi maslahat berýärler.
Habarlaşmak we bilet sargyt etmek üçin telefon belgileri:
55-90-15
+993 62 53-28-71
