Tomusky täzelenme: Türkmenistanyň dokma kärhanalary eşikleriň we dokma önümleriniň täze toplumlaryny hödürlediler

MilliInfo

26 Iýun, 2026

Tomusky täzelenme: Türkmenistanyň dokma kärhanalary eşikleriň we dokma önümleriniň täze toplumlaryny hödürlediler

Tomus möwsümine çenli ýurdumyzyň dokma fabrikleri 2026-njy ýylyň esasy moda ugurlaryny, amalylygy we oňaýlylygy özünde jemleýän giň gerimli täzelikleri taýýarladylar. Ähli önümler tebigy, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanyldy we eýýäm ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň resmi söwda toruna gelip gowuşdy.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma toplumyndan jins moda ugurlary

Kärhananyň dizaýnerleri şu möwsümde meşhur bolan açyk reňklere üns berdiler, olaryň arasynda mämişi reňk möhüm orny eýeledi.

Çagalar üçin: dürli reňkli lybaslaryň — köýnekleriň, sarafanlaryň we kombinezonlaryň hatary çykaryldy.

Zenanlar üçin: owadan keşde bilen bezelen žaketli jins toplumlary, açyk reňkli köýnekler we sarafanlar, şeýle hem ýeňil köýnekçeler taýýarlanyldy. Zenanlar toplumynyň esasy aýratynlygy — uly we amatly goýma jübileriň köplügidir.

Erkekler üçin: meşhur «Bedew Jeans» brendiniň nusgawy we erkin jinsleriniň, tomusky şortlaryň, dürli reňkli köýnekçeleriň we dik ýakaly ýeňsizleriň tapgyry çykdy.

«Ýeňiş» fabriginden ýaşlar stili we kenarýaka rahatlygy

Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabrigi köpugurlylyga we dynç alşa uly üns berdi.

Ýaşlar üçin pamykdan (pagtadan) taýýarlanan, erkin biçüwdäki açyk reňkli köýnekçeleriň toplumy işlenip düzüldi. Olar howany gowy geçirýär, köp sanly ilikli özboluşly dizaýny bolsa bu önümlere döwrebap görnüş berýär.

Kenarýaka we suwda ýüzmek möwsümi üçin bolsa fabrik maşgala agzalaryna niýetlenen uly öýjükli (wafel) matadan taýýarlanan dürli reňkli halatlary çykardy. Bu material gipoallergen bolup, çalt guramagy we bedene ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Nusgawy çalgyçlaryň ýerine erkekler üçin amatly hammam süpüegiçleri hödürlendi.

«Merw» brendinden milli öwüşginli öý rahatlygy

Baýramalydaky dokma toplumy düşek daşlarynyň we hammam aksessuarlarynyň görnüşlerini täzeledi.

Körpeler üçin gyzykly gahrymanlaryň — «panda», «dinozawrjyk» we beýleki haýwanlaryň şekilindäki hammamdan soňky özboluşly halatlar döredildi.

Tüýli (mahrowy) düşek daşlarynyň hatarynda milli öwüşginli toplumlar peýda boldy — ýassyklaryň daşlary türkmen halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlary bolan Ýartygulagyň we Akpamygyň şekilleri bilen bezeldi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info