Bäşinji nesil «Lexus RX» 2022-nji ýylda tanyşdyrylypdy, indi bolsa meýilleşdirilen döwrebaplaşdyryş wagty geldi. Ýaponiýada onuň täzelenen görnüşiniň satuwy başlandy, emma girizilen täzelikleriň gerimi uly bolmady. Krossower daşky görnüşinde we salonynda ýeňil kämilleşdirmelere, gabara reňkleriniň giňeldilen toplumyna hem-de gaýtadan seredilen toplumlara (komplektasiýalara) eýe boldy, şassisi bolsa ýaryş ýolundaky synaglaryň netijeleri esasynda täzeden sazlandy.
«L» nusgasynda indi «White Nova Glass Flake» diýlip atlandyrylýar ak merjen reňki hödürlenýär, «F Sport» we «F Sport Performance» toplumlarynda bolsa goşmaça opsiýa hökmünde saklaýjy supportlaryny gyzyl reňke boýap bolýar. Ähli görnüşler öň gapylar üçin infragyzyl şöhlelerden goraýan atermal aýnalar bilen üpjün edildi.
Brendiň «Brake Hold» ady bilen tanalýan «Autohold» ulgamyny mundan beýläk hereketlendiriji her gezek täzeden otlananda gaýtadan açmak hökman däl — oňa ýatda saklaýyş aýratynlygy goşuldy. «RX350h» we «RX350» nusgalarynyň başlangyç toplumyna indi sanly yzky aýna we öň hem-de yz taraplary ýazga alýan wideoýazgy guraly (wideoregistrator) girýär: ozal olar diňe iň ýokary «Lexus RX500h» we «RX450h+» modellerinde standart hökmünde berilýärdi.
Döredijileriň sözlerine görä, esasy üns ulagyň hereket häsiýetlerini gowulandyrmaga gönükdirildi: hususan-da, şassini täzeden sazlamak üçin awtoulag Germaniýanyň «Nýurburgring» ýodasynda birnäçe synaglardan geçdi. Uýgunlaşýan asmanyň (adaptiw podweskanyň) ölçegleri amatlylaşdyryldy, rul dolandyryşynyň elektrik güýçlendirijisiniň we doly dolandyrylýan şassiniň iş algoritmleri bolsa has takyk hem-de tebigy sesleniş üçin gaýtadan işlenip düzüldi. Şunlukda, ýoluň çarkandakly ýerlerinde öňki ýumşak hereket derejesi doly saklanyp galypdyr.
2.4 litrlik turbo hereketlendirijili öňi çekiji «Lexus RX350» modeli Ýaponiýanyň bazarynda 7 040 000 iýen (takmynan 44 900 dollar), öňi çekiji gibrid «RX350h» modeli 8 000 000 iýen (51 000 dollar), ähli tigiri çekiji iň ýokary gibrid nusga bolan «RX500h» bolsa 9 290 000 iýen (59 200 dollar) möçberinde bahalandyrylýar.
