Lezzetli kapuçino: binagärler nädip kofe taýýarlaýjy maşyny sungata öwürdiler?

MilliInfo

11 Awgust, 2025

Bilýäňizmi, käte dizaýn dünýäsinde şeýle bir ideýalar döreýär welin, sizi durmaga we gaýta-gaýta pikirlenmäge mejbur edýär: «Näme üçin beýle bolmaly däl?». Formalar we çyzyklar babatda üýtgeşik duýgurlygy hem-de ýiti garaýyşlary bolan sanly illýustrator Lukas Kenji bu ugurda gyzykly synag işine girişdi. Ol adaty kofe taýýarlaýjy enjamlaryň inženerleriň däl-de, Zahi Hadid, Tadao Ando ýa-da Frank Geri ýaly arhitektura ägirtleriniň elinden çykan ýagdaýynda nähili görnüşde boljakdygyny hödürledi.

Şunlukda, täzeçe nusgalar döredi: bu enjamlar diňe bir kofe taýýarlaýan maşynlar däl, eýsem, janly sungat eserine meňzeýär — şeýle gurallardaky tejribe batyrgaýlyk we täzeçil stil bilen utgaşýar. Bu bolsa asmana uzaýan belent binalarda ýa-da muzeýlerde görmäge endik eden nusgalarymyzy ýatladýar. Umuman aýdanyňda, bu taslama bize aşhana enjamyna täzeçe garaýyş bilen seretmäge mümkinçilik berýär — belki-de, ol galereýada ýer eýeläp biljek derejededir?

Antonio Gaudi

Santýago Kalatrawa

Frenk Geri

Marsel Brýoýer

Žanna Gan

Norman Foster

Kadzuýo Sedzima

Kengo Kuma

Lina Bo Bardi

Zaha Hadid

Paulu Mendes da Roşa

Ruý Ootake

Luis Genri Salliwan

Býarke Ingels

Daniel Libeskind

Žan Nuwel

Tadao Ando

Oskar Nimeýer

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo