Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berdi.
Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda geçirilen ilkinji duşuşykdan hem-de baý many-mazmunly söhbetdeşlikden soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly sene bilen gutlamagyň özi üçin aýratyn ýakymlydygyny tassyklady.
Li Çže Mýon gatnaşyklary ösdürmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşmagyň özi üçin aýratyn ähmiýetli bolandygyny nygtady:
«Biziň ýurtlarymyzyň diňe bir energetika, senagat maksatly taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gämigurluşyk, demir ýol gurluşygy, täze şäherleri gurmak ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin gatnaşyklaryň binýadyny has-da giňeltmek boýunça ylalaşyga gelendiklerine guwanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlyga daýanmak bilen, geljekde-de bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlarymyzyň halklarynyň abadançylygyna ýardam etjek hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelýän oňyn netijeleri gazanjakdygymyza ynanýaryn».
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli arzuwlarymy, mähirli salamymy ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
