Radiotolkunlaryň ornuna ýagtylyk — geljegiň interneti eýýäm şu ýerde
Ýakyn ýyllarda internet düýpgöter üýtgäp biler. Koreýa Respublikasynyň alymlary «Li-Fi» atly täze geçirijisiz aragatnaşyk tehnologiýasyny hödürlediler — bu «Wi-Fi» ýaly radiotolkunlar arkaly däl-de, ýagtylyk bilen işleýär. Hawa-hawa, gözümiz bilen görýän hakyky yşyklarymyz. Täze işläp taýýarlanan taslama hakynda «Advanced Materials» žurnalynda beýan edilýär.
«Li-Fi» näme?
«Li-Fi» (Light Fidelity) — ýagtylyk tolkunlaryny ulanyp maglumatlary geçirmegiň usuly. Onuň tizligi haýrana goýýar: sekuntda 224 gigabaýt, bu bolsa «Wi-Fi» ulgamyndan 100 esse çalt. Sekundyň bary-ýogy bir bölejiginde HD filmini göçürip almagy göz öňüne getirip görüň!
Bu nähili işleýär?
Tehnologiýanyň binýadynda ýörite ýagtylyk bölüp çykaryjy enjamlar bar. Olar maglumatlary ýagtylyga öwürmek arkaly iberýärler. Diňe ýagtylyk däl, kodlanan yşyklar hem bar. Munuň özi goşmaça enjamlar bolmasa-da, maglumatlaryň dessine goragda saklanýandygyny aňladýar. Mundan başga-da, enjam zyýanly materiallary ulanmaýar — diňe ekologiýa taýdan arassa we howpsuz komponentler peýdalanylýar.
Howpsuzlygyň derejesi nähili bolar?
Ozal ýagtylygyň üsti bilen maglumat geçirmegiň has ygtybarly däldigi aýdylýardy, sebäbi ýagtylygy sözüň göni manysynda «görüp» bolýar. Muňa garamazdan, Koreýa Respublikasyndan bolan inženerler şeýle meseläniň çözgüdini tapdylar: olar maglumat iberilýän pursatynda işe girizilýän kodlanan ulgamy döretmegi başardylar we ony saklamak beýle bir aňsat däl. Garaz, bu iş indi çalt we howpsuz.
Bu näderejede kuwwatly?
Bu tehnologiýanyň esasy görkezijilerinden biri — elektrik energiýasyny şöhlelere öwürmegiň ýagtylygy we netijeliligi. Täze ýagtylyk elementi 29 000 nit ýagtylyk derejesini görkezýär — bu häzirki zaman smartfonynyň ekranyndan 10 esse ýagty! Munuň özi enjamyň durnukly we ygtybarly işleýändigini aňladýar.
Bu biz üçin nämäni aňladýar?
Şeýle tehnologiýalar tizligiň hem-de howpsuzlygyň aýratyn möhüm ýerlerinde peýdalanylyp bilner:
— hassahanalarda,
— kärhanalarda,
— döwlet edaralarynda,
— akylly öýlerde
— geljegiň awtoulaglarynda.
Ýagtylyk interneti — indi düýş däl, hakykat. «Li-Fi» tehnologiýasy täze aragatnaşyk dünýäsine gapy açýar: tiz, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa. Belki-de, geljekde otagyňyzdaky adaty çyralar diňe bir öýüňizi yşyklandyrman, eýsem, ýokary tizlikli interneti hem paýlar.