«Liwerpul» «Interi» ýeňdi. Çempionlar ligasynyň 9-njy dekabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri

MilliInfo

8 sagat öň

9-njy dekabrda Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllardaky möwsüminiň umumy tapgyrynyň 6-njy duşuşyklary geçirildi.

«Liwerpul» Salahsyz hem «Interi» ýeňdi

Oýun Milandaky «San-Siro (Juzeppe Meassa)» stadionynda geçirildi. Duşuşyk 1:0 hasabynda iňlis toparynyň peýdasyna tamamlandy.

32-nji minutda «Liwerpulyň» goragçysy Ibraim Konate hasaby açdy, emma VAR ulgamyna seredilenden soň, gol hasaba alynmady. 88-nji minutda mersisaýdlylaryň ýarymgoragçysy Dominik Soboslai 11 metrlik jerime urgusyny (penaltini) dürs ýerine ýetirdi.

Bellenilmegi maglumatlaryň biri hem, tälimçiniň çözgüdi bilen «Liwerpulyň» ýyldyz oýunçysy Mohammed Salahyň toparyň esasy düzüminde oýna girizilmändigidir.

Alty duşuşykdan soň Milanyň kluby eýelik edýän 12 utugy bilen bäşinji orny eýeleýär. Iňlis topary bolsa 12 utuk bilen sekizinji basgançakda barýar.

Çempionlar ligasynyň 9-njy dekabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri:

  • «Kaýrat» (Gazagystan) — «Olimpiakos» (Gresiýa) — 0:1;

  • «Bawariýa» (Germaniýa) — «Sporting» (Portugaliýa) — 3:1;

  • «Monako» (Monako) — «Galatasaraý» (Türkiýe) — 1:0;

  • PSW (Niderlandlar) — «Atletiko» Madrid (Ispaniýa) — 2:3;

  • «Tottenhem» (Angliýa) — «Slawiýa» Praga (Çehiýa) — 3:0;

  • «Ýunion» (Belgiýa) — «Marsel» (Fransiýa) — 2:3;

  • «Barselona» (Ispaniýa) — «Aýntraht» Frankfurt (Germaniýa) — 2:1;

  • «Inter» (Italiýa) — «Liwerpul» (Angliýa) — 0:1;

  • «Atalanta» (Italiýa) — «Çelsi» (Angliýa) — 2:1.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo