Şu agşam — 15-nji aprele geçilýän gije Çempionlar ligasynyň ýarym finalçylarynyň ikisi belli bolar. Bu gün Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýunlary guralýar.
«Liwerpul» öz futbol meýdanynda — «Enfild» stadionynda Parižiň «PSŽ-sini» Kabul edýär. Toparlaryň Fransiýanyň paýtagtyndaky oýnunyň parižlileriň peýdasyna (2:0) tamamlanmagy «Liwerpulyň» ýarym finala çykmak ugrundaky synanyşyklaryny has-da kynlaşdyrar. Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanýar.
«Atletiko» bolsa ýene-de köne garşydaşy «Barselona» bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu duşuşykda artykmaçlygyň madridlileriň tarapyndadygyny bellemek gerek. Çünki «Atletiko» myhmançylykda hem katalonlylary iki gol (0:2) aratapawudy bilen ahmyrda goýupdy. Bu duşuşyk hem 00:00-da badalga alar.
«Liwerpul» — «PSŽ» jübütiniň oýnuny «Varzish» teleýaýlymy göni efirde görkezer. Şeýle-de «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynyň bu oýunlaryň birini görkezmegine garaşylýar.