Norwegiýanyň topary «Interi» ýaryşdan çykardy: Çempionlar ligasynyň pley-off oýunlarynyň netijeleri

MilliInfo

2 sagat öň

Geçen agşam — 25-nji fewrala geçilen gije Çempionlar ligasynyň jogap duşuşyklary geçip, 1/8 finala pley-off tapgyrynyñ üsti bilen çykan ilkinji dört topar belli boldy. Futbol agşamy dürli wakalara baý boldy: ol asuda geçen golsuz deňlikden başlap, rowaýaty stadionlardaky garaşylmadyk utulyşlara çenli öz içine aldy.

«Inter» — «Bỳode-Glimt» — 1:2

Umumy hasap: 2:5

Ýaryşyň iň uly garaşylmadyk netijesi «San-Siro» stadionynda hasaba alyndy. Norwegiýanyň «Býode-Glimt» topary birinji oýundaky artykmaçlygyny (3:1) saklamak bilen çäklenmän, eýsem, Milan şäheriniň ägirdini ýene-de ýeňmegi başardy. Myhmanlaryň russiýaly derwezeçisi Nikita Haýkin birnäçe gezek ýatdan çykmajak halas edişleri (seýwleri) amala aşyryp, öz toparyna taryh ýazmaga kömek etdi. Şunlukda, «Inter» ýaryş bilen hoşlaşýar, «Zapolýariýanyň gahrymanlary» bolsa 1/8 finala çykdylar.

«Atletiko» Madrid — «Brýugge» — 4:1

Umumy hasap: 7:4

Belgiýadaky çekeleşikli deňlikden (3:3) soň, madridliler ykbalyny töwekgelçilige atmazlygy ýüregklerine düwdüler. Norwegiýaly hüjümçi Aleksandr Sýorlot duşuşygyň gahrymany boldy, ol täsirli het-trik (23', 76', 87') etdi. Ýene bir goly Jonani Kardozo (48') öz adyna ýazdyrdy. Myhmanlardan ýeke-täk goly 36-njy minutda Hoel Ordonýes geçirdi. Garaz, Diego Simeoneniň şägirtleri ynamly ädimler bilen öňe barýarlar.

«Nýukasl Ýunaýted» — «Garabag» — 3:2

Umumy hasap: 9:3

Birinji oýunda bäsdeşini derbi-dagyn eden (6:1) iňlisler jogap duşuşygyny güýçlerini tygşytlap geçirdiler, ýöne şonda-da ýeňiş gazanmagy başardylar. Iňlis toparynyñ düzüminde Sandro Tonali (4'), Žoelinton (6') we Swen Botman (52') dagy tapawutlandy. Azerbaýjanyň kluby bolsa Kristian Duranyň we Elwin Jafargulyýewiň gollary bilen jogap berdi. Jogap oýnundaky mynasyp garşylyga garamazdan, «Garabag» Ýewrokubokdaky ýoluny tamamlaýar.

«Baýer» — «Olimpiakos» — 0:0

Umumy hasap: 2:0

«Baýer» birinji duşuşygyň netijesini (2:0) gorap saklamaga strategik taýdan çemeleşdi. Lewerkuzendäki tutuş oýun ýer eýeleriniň artykmaçlygynda geçdi. Tomaşaçylar gol görmeseler-de, «farmasewtlar» artykmaç tolgunmasyz indiki tapgyra ýollanma almagy başardylar.

Şu gije pley-off tapgyrynyň beýleki oýunlary geçiriler. Olaryň arasynda «PSŽ» — «Monako», «Real» — «Benfika», «Ýuwentus» — «Galatasaraý» we «Atalanta» — «Borussiýa Dortmund» ýaly duşuşyklar bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info