Çempionlar ligasynyň şu günki — 24-nji fewraldaky jogap pleý-off duşuşyklarynyň tertibi

MilliInfo

47 minut öň

Ýewropanyň Çempionlar ligasy barha gyzyşýar. Şu agşam — 25-nji fewrala geçilýän gije geçilýän gije pleý-off tapgyrynyň üsti bilen 1/8 finala ýollanma aljak ilkinji toparlar belli bolar. Käbir klublar üçin jogap duşuşyklary diňe bir formal häsiýete eýe bolsa, beýlekiler üçin öz janköýerleriniň öňünde abraýyny saklap galmak üçin iň soňky mümkinçilik bolar.

Oýunlaryň tertibi (Aşgabat wagty bilen):

22:45. «Atletiko» Madrid (Ispaniýa) — «Brýugge» (Belgiýa)
Birinji oýnuň netijesi: 3:3.

Madridde bize hakyky drama garaşýar. Birinji duşuşykda belgiýalylar oýnuň soňky minutlarynda deňme-deňlik gazanmagy başaryp, täsin oýun görkezdiler. Indi Diego Simeoneniň şägirtleri öz öýlerinde artykmaçlyklaryny subut etmeli bolarlar.

01:00. «Baýer» (Germaniýa) — «Olimpiakos» (Gresiýa)
Birinji oýnuň netijesi: «Baýeriň» peýdasyna 2:0.

Lewerkuzenli futbolçylar Gresiýa saparyndan soň özlerini örän ynamly duýýarlar. Patrik Şigiň birinji oýunda eden dubly nemes klubyny indiki tapgyra çykmakda esasy faworitine öwürdi.

01:00. «Nýukasl Ýunaýted» (Angliýa) — «Garabag» (Azerbaýjan)
Birinji oýnuň netijesi: «Nýukaslyň» peýdasyna 6:1.

Belki, bu jübütde indi hiç hili şübhe galmady. Bakuwda dört gol uran Entoni Gordon «Sent-Jeýms Parkdaky» jogap oýnuny ýönekeý bir resmi duşuşyga öwürdi.

01:00. «Inter» (Italiýa) — «Býode-Glimt» (Norwegiýa)
Birinji oýnuň netijesi: «Býode-Glimtiň» peýdasyna 1:3.

Ýaryşyň esasy sensasiýasy. Norwegiýanyň kluby demirgazygyň aýazly howasynda futbol ägirdini haýran galdyrdy. «Inter» pesräk topardan utulyp, lapykeç ýagdaýda ýaryşdan çykmazlyk üçin öz meýdançasy bolan «San-Siroda» uly edermenlik görkezmeli bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info