Çempionlar ligasy: Şu gün 1/8 finala çykmak ugrundaky pleý-off duşuşyklary başlanýar

MilliInfo

11 sagat öň

Ýewropanyň iň abraýly klub ýaryşy özüniň has gyzgalaňly tapgyryna gadam basýar. Çempionlar ligasynyň täzelenen umumy tapgyry tamamlanansoň, janköýerleriň ünsi indiki tapgyra — galan sekiz ýollanmanyň eýelerini kesgitlejek pleý-off raunda gönükdi.

Pleý-off duşuşyklary iki tapgyrda geçiriler: ilkinji duşuşyklar 17-18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda bolar. Bu oýunlaryň ýeňijileri 1/8 finala göni gatnaşmaga hukuk gazanan iň güýçli sekiz klubyň hataryna goşularlar.

Şu agşamyň — 18-nji fewrala geçilýän gijäniň oýunlarynyň geçiş tertibi

Şu günki oýunlaryň örän çekeleşikli geçmegine garaşylýar. Maksatnama Stambulda açylýar we şol bir wagtyň özünde geçiriljek üç sany «top-duşuşyk» bilen tamamlanýar. Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen görkezilendir.

Sagat

Duşuşyk

22:45

«Galatasaraý» (Türkiýe) — «Ýuwentus» (Italiýa)

01:00

«Benfika» (Portugaliýa) — «Real Madrid» (Ispaniýa)

01:00

«Borussiýa D» (Germaniýa) — «Atalanta» (Italiýa)

01:00

«Monako» (Fransiýa) — «PSŽ» (Fransiýa)

Aýratyn üns «Monako» we «PSŽ» klublarynyň duşuşygyna, şeýle hem Madridiň «Realynyň» Lissabona saparyna gönükdirilendir.

Kimler eýýäm 1/8 finalda?

Ýatladyp geçsek, esasy tapgyryň netijeleri boýunça sekiz klub iň gowy görkezijileri bilen tapawutlanyp, indiki tapgyrdaky çykyşyny kepillendirdi. Olar pleý-off tapgyryna gatnaşmazdan, nobatdaky garşydaşlaryna garaşýarlar:

  • Angliýa: «Arsenal», «Liwerpul», «Tottenhem», «Çelsi», «Mançester Siti».

  • Ispaniýa: «Barselona».

  • Germaniýa: «Bawariýa».

  • Portugaliýa: «Sporting».

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info