GDA ýurlarynyň ýaş pedagoglarynyň bäsleşigi yglan edildi

MilliInfo

5 Sentýabr, 2025

GDA ýurtlarynyň bilim edaralarynda rus dili we edebiýaty boýunça, şeýle-de beýleki ugurlardan rus dilinde bilim berýän ýaş mugallymlar üçin «GDA-nyň pedagoglarynyň ligasy» atly ilkinji bäsleşik yglan edildi.

Şunlukda, gatnaşyjylar iki ugur — rus dili we edebiýaty mugallymlarynyň arasynda, şeýle hem okuwlaryny rus dilinde geçýän ders mugallymlarynyň arasynda bäsleşerler. Oňa GDA ýurtlarynyň raýatlary bolan 21 — 44 ýaşly pedagoglar çagyrylýar.

Taslamanyň portalyna hasaba aldyrmak işinden 20-nji sentýabra çenli geçmelidir. Oktýabryň ortalaryna çenli bolsa pedagoglaryň wideo görnüşindäki wizit kartalary hem-de sapaklaryň ýazgylary kabul edilýär. Wideolaryň esasynda bilermenler bäsleşigiň Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetinde göni ýagdaýda guraljak final tapgyryna gatnaşjak mugallaymlary saýlap alarlar. Ýeňijiler hem-de baýrak eýeleri 30-njy noýabra çenli kesgitlener.   

Bäsleşigiň finalçylary 25—30-njy noýabr aralygynda geçiriljek tölegsiz tejribelik maksatnamasyna gatnaşmak üçin Moskwa çagyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo