Kriştianu Ronaldudan soňra argentinaly ýyldyz Lionel Messi hem «Inter Maýaminiň» düzüminde diýseň ýakyn gelen kubogy elden giderdi. «Inter Maýami» 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň final oýnunda «Sietl Saundersden» 0:3 hasabynda ýeňildi.
Messi «Inter Maýami» kluby bilen 2023-nji ýylda bu kuboga eýe bolupdy. Iki ýyl bäri bolsa argentinaly ýyldyz MLS-iň bu kluby bilen kubok gazanyp görmändi. Mundan öň 38 ýaşly hüjümçi yzygiderli ýedi finalda ýeňiş gazanypdy. Soňky gezek ol 2021-nji ýylda «Barselonanyň» düzüminde aýgytlaýjy oýunda ýeňlişe sezewar bolupdy. Şonda kataloniýalylar Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda Bilbaonyň «Atletiginden» 2:3 hasabynda asgyn gelipdiler.
Messi taryhda iň köp baýraga eýe bolan futbolçydyr. Onuň hasabynda 48 kubok bolup, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionlygy hem-de Çempionlar ligasyndaky dört ýeňiş bar. Gelyberse-de, Messi sekiz gezek «Altyn topuň» eýesi boldy, bu bolsa absolýut rekorddyr.