Dünýäniň iň ökde futbolçylarynyň biri Lionel Messi karýerasyndaky 875-nji goluny urup, ýene bir gezek futbolyň taryhyna girdi. Messini çykyş edýän kluby — «Inter Maýami» soňky duşuşygynda «LA Galaxy» toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi we rowaýata öwrülen argentinaly ýyldyz bu oýunda täze dünýä rokordyny goýmagy başardy. Ol 875 gola iň az oýun bilen (jemi 1116 oýun) ýetendigi üçin nobatdaky rekordyň eýesi hökmünde bellige alyndy.
Messi karýerasyndaky ilkinji goluny (17 ýaşynda) 2005-nji ýylyň 1-nji maýynda «Barselonanyň» köýnekçesinde «Albaseteniň» derwezesinden giçiripdi. Ol bu oýna 87-nji minutda goýberilip, Ronaldinýonyň pasyndan netijeli peýdalanmagyň hötdesinden geldi. Bu gol geljekki ýyldyzy 5 minudyň içinde dünýä tanatdy. Hatda, bu gol Messiniň La Liganyň iň ýaş golçusy hökmünde bellige alynmagyna hem getirdi.
Häzirki wagtda Messiniň gollarynyň sany 900-e golaýlaýar. Ol diňe dünýäniň iň köp gol geçiren oýunçysy Kriştianu Ronaldudan 63 gol yza galýar. Messi diňe bir golçy däl, eýsem, hüjümleriň guramaçysy ýa-da olary dörediji hökmünde hem ajaýyp statistika ýöredýär. Bu hakykat onuň assistleriniň sanynda hem aýdyň beýanyny tapýar — 389.
Lionel Messiniň statistikasy:
Klub/Milli Ýygyndy | Gollar | Assistler | Oýun sany |
«Barselona» | 672 | 269 | 778 |
Argentina | 112 | 58 | 193 |
«PSŽ» | 32 | 34 | 75 |
«Inter Miami» | 59 | 28 | 71 |