Şu gün — 4-nji noýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 4-nji duşuşyklary başlanýar. Oýunlar Aşgabat wagty bilen 22:45-de hem-de 01:00-da başlanýar. Tapgyr 5-nji noýabrda jemlenýär.
«Liwerpul» — «Real»: finala mynasyp duşuşyk
«Real» we «Liwerpul» soňky ýyllarda Çempionlar ligasynda birnäçe gezek duşuşdylar. Ýedi oýnuň bäşisinde Madridiň topary ýeňiş gazansa, diňe bir duşuşyk iňlisleriň peýdasyna jemlendi. «Realyň» garşysyna oýnamak hemişe «Liwerpul» üçin hemişe iň agyr meseleleriň biri bolmagynda galýar. Şu gezek ýagdaý has-da çylşyrymly: Arne Slotyň topary düzümiň täzeleniş tapgyrynda we oýun hem netijeler babatda durnuksyz. «Real» bolsa Habi Alonso bilen öz stilini çalt tapdy. Indi «Liwerpulyň» öňki oýunçysy garşydaş toparyň tälimçisi hökmünde «Enfild» stadionyna gelýär. Ýeri gelende bellesek, iňlis klubuny söýýändigine garamazdan, häzirki wagtda onuň bu topary gyzdyrmak maksady bar. Oýun 4-nji noýabrdan 5-ine geçilýän gije bolar. Duşuşygyň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük 01:00-da ýaňlanar.
Öňdebaryjylaryň oýny: «PSŽ» — «Bawariýa»
Parižde hakyky ägirtleriň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolarys. «PSŽ» we «Bawariýa» Çempionlar ligasynyň başlangyç tapgyrlarynyň üçüsini hem ýeňiş bilen jemläpdiler. Mýunhenliler şol bir wagtda möwsümiň beýleki ýaryşlarynyň hem ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen utgaşdyryp gelýärler. «PSŽ» bolsa çempionatda birnäçe gezek ýalňyşlyk goýberendigine garamazdan, liderligini saklap galýar. Şol sebäpden hem, munuň diýseň ýokary derejeli duşuşyk bolmagyna garaşylýar. Oýun şu gije 01:00-da başlanar.
Ähli duşuşyklaryň tertibi:
4-nji noýabr (sişenbe)
• 22.45. «Napoli» — «Aýntraht»
• 22.45. «Slawiýa — «Arsenal»
• 01.00. «Atletiko» — «Ýunion»
• 01.00. «Bude-Glimt» — «Monako»
• 01.00. «Ýuwentus» — «Sporting»
• 01.00. «Liwerpul» — «Real»
• 01.00. «Olimpiakos» — PSW
• 01.00. «PSŽ» — «Bawariýa»
• 01.00. «Tottenhem» — «Kopengagen»
5-nji noýabr (çarşenbe)
• 22.45. «Pafos» — «Wilýarreal»
• 22.45. «Karabah» — «Çelsi»
• 01.00. «Aýaks» — «Galatasaraý»
• 01.00. «Benfika» — «Baýer»
• 01.00. «Брюгге» — «Барселона»
• 01.00. «Inter» — «Kaýrat»
• 01.00. «Mançester Siti» — «Borussiýa» Dortmund
• 01.00. «Marsel» — «Atalanta»
• 01.00. «Nýukasl» — «Atletik».
Duşuşyklar «Persiana Sports», «Varzish TV» teleýaýlymlarynda hem-de «Belet Sport» platformasynda göni efirde görkeziler.

