«Liwerpul» tomusky transfer penjiresiniň ahyrky günlerinde iň uly göçümini etdi. Klub «Nýukasl Ýunaýted» toparynyň hüjümçisi Aleksandr Isak üçin 150 million ýewro tölemäge razy boldy.
Bu transfer futbolçynyň karýerasyndaky iň uly transfer bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ňňlisleriň futbolunyň taryhyndaky iň gymmat transfer hasaplanýar.
Ilkibaşda «Nýukasl Ýunaýted» Isagy satmaga razy bolmady. Emma futbolçynyň özi «Nýukaslda» özüne berlen wadalaryň tutulmaýandygyny, şol sebäpden hem, bu klubdaky çykyşyny dowam edip bilmejekdigini aýtmagy netijesinde onuň transfer bahasy ylalaşyldy.
Habarlara görä, 25 ýaşly futbolçy 1-nji sentýabrda saglyk barlagyny amala aşyryp, «Liwerpul» bilen baglaşylan alty ýyllyk şertnama gol çeker.
Şeýlelik bilen, «Liwerpul» tomusky transfer möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap Aleksandr Isagyň geljekki ykbaly baradaky myş-myşlara nokat goýdy.

