«LLDC3» programmasy BMG-niň Awazadaky maslahatynyň iň möhüm pursatlaryny ünsden düşürmezlik mümkinçiligini döreder

MilliInfo

21 Iyul, 2025

Birleşen Milletler Guramasynyň 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin işlenip düzülen «LLDC3» programmasy giň gerimli forumyň myhmanlaryny ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Goşmaça programma birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Maslahatyň programmasy hemişe tanyşmak üçin elýeterlidir, ulanyjylar üýtgeşmeler barada möhüm habarnamalary alyp, çykyş edýänleriň terjimehalyny we maslahatlaryň jikme-jik tertibini gözden geçirip bilerler. Onuň içine oturdylan anyk karta bolsa maslahatyň geçýän ýerini giňişleýin açyp görkezýär, şeýle hem gatnaşyjylar barada maglumatlary özünde saklaýar. 

Göçme programmany «iOS» we «Android» ulgamlaryndan gurnamak bolýar. Ony maslahatyň resmi saýtyndan QR-kody skanirlemek arkaly ýükläk bolýar.

Maslahatyň ýerine ýetirýän wezipelerine girmek üçin «LLDC3» goşmaça programmasyny «Apple App Store» ýa-da «Google Play Store» maksatnamalaryndan ýükläniňizden soň, «Başla» düwmesine basmaly we maslahata ýazylmak üçin ulanan elektron poçta salgyňyzy girizip, «Dowam et» düwmesine geçmeli. Hasaba alyş ýazgyňyzy işletmek üçin alan elekron hatyňyzy açmaly we ondaky salgylanma basmaly ýa-da gös-göni programmanyň özüne kod girizmeli.

«LLDC3» programmasy öň oturdylan bolsa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasyna girmek menýusynyň «Ýene», ondan soň bolsa «Meniň beýleki işlerim» nokatlary arkaly amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo