Serhetsiz logistika: «Hazar Logistik» HHR bilen strategik hyzmatdaşlyga gadam basýar

MilliInfo

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Wenzhou Xinjiang Trading Co., LTD» kompaniýasy logistika we deňiz flotuny ösdürmek ulgamynda özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler.

Bu resminama ýük daşamalaryny guramak, logistik infrastrukturany ösdürmek, şeýle hem deňiz gämilerini satyn almak we satmak, olary tehniki taýdan ulanmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda taraplaryň meýillerini kesgitleýär.

Kompaniýalar Hytaý-Türkmenistan we mundan beýläk Hazar sebitiniň hem-de Ýewropanyň ýurtlaryna ýük daşamak üçin amatly logistik çözgütleri işläp düzmegi we ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem ammar terminallaryny we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny bilelikde ulanmak, tranzit düzgünlerini ýönekeýleşdirmekde we konteýner ýüklerini işläp taýýarlamakda özara ýardam bermek, şeýle hem demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglaryny ulanmak arkaly multimodal gatnawlary ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, «Hazar Logistik» we «Wenzhou Xinjiang Trading Co., LTD» Türkmenistanyň milli deňiz flotuny giňeltmek maksady bilen, dürli görnüşli deňiz gämilerini satyn almak boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenerler.

Bu Ähtnama gol çekilmegi kompaniýalaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda täze tapgyry açýar. Türkmenistanyň we Hytaýyň serişdeleriniň hem-de tejribeleriniň birleşdirilmeginiň sebitiň tranzit kuwwatynyň artmagy üçin güýçli itergi bolmagyna we işewürligiň halkara bazarlaryna has çalt hem-de ygtybarly çykmagyny üpjün etmegine garaşylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info