Çäksiz logistika: «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşýar

MilliInfo

2–4-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda dürli pudaklaryň öňdebaryjy kompaniýalaryny, bilermenlerini we işewürlik wekillerini birleşdiren «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçirilýär. Bu forum tejribe alyşmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Sergä gatnaşyjylaryň biri bolan «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti öz diwarlygynda konteýner, awtomobil, demirýol, deňiz we howa gatnawlaryny, şeýle hem howply ýükleri daşamak bilen bagly ulag-logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny görkezdi.

Belläp geçmeli zat, gysga wagtyň içinde «Hazar Logistik» HJ bu ugurda baý tejribe toplady hem-de import, eksport we üstaşyr (tranzit) daşamalaryny ýokary derejede amala aşyrmak üçin dünýä derejesindäki hyzmatdaşlaryň we hyzmatlary üpjün edijileriň giň toruny döretdi. Kompaniýa Türkmenistanyň çäginde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýük daşamalaryny işjeň amala aşyrýar.

Serginiň dowamynda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri hyzmatdaşlar we geljegi uly bolan müşderiler bilen birnäçe netijeli duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda pudagyň öňünde duran esasy wezipeler, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu möhüm sergä gatnaşmak «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetine diňe bir bar bolan işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlygyň binýady boljak täze aragatnaşyklary ýola goýmaga hem mümkinçilik döretdi.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, «Hazar Logistik» logistika hyzmatlary ugruny yzygiderli ösdürmek bilen, işewürlik üçin ygtybarly hem-de netijeli çözgütleri hödürleýär we täze hyzmatdaşlyk tekliplerine elmydama açykdyr.

Hyzmatdaşlyk boýunça habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 64 979797

Saýt: hazarlogistik.com

E-mail: info@hazarlogistik.com

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info