Londonyň «Arsenaly» 2025/26-njy ýyllaryň futbol möwsüminde resmi taýdan Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) çempiony boldy. Bu çempionlyk klub üçin Arsen Wengeriň ýolbaşçylygyndaky 2003/04-nji möwsümiň rowaýata öwrülen «Ýeňilmezlerindäki» (The Invincibles) üstünlikden bäri ilkinji iň uly netijedir.
«Arsenalyň» 37-nji tapgyrda «Bernlini» ýeňmegi we «Mançester Sitiniň» «Bornmut» bilen duşuşykda 3 utuk alyp bilmezligi netijesinde bu ýeňiş mümkin boldy. APL-iň iň soňky tapgyrynyň öňüsyrasynda «Arsenalyň» 82 utugy, «Mançester Sitiniň» bolsa 78 utugy bar.
Şeýlelikde, «Arsenalyň» tälimçisi Mikel Arteta öz toparyny APL-iň çempionlygyna ýetirmegi başaran ikinji ispaniýaly tälimçi hökmünde taryha girdi.