Geçen agşam — 16-njy marta geçilen gije Los-Anjelesde guralan dabarada «Oskar» baýraklarynyň eýeleri yglan edildi.
Pol Tomas Andersonyň «Söweş yzyndan söweş» filmi jemi 13 ugur boýunça hödürlenip, şolaryň 6-syndan «Oskar» baýragyny eýeledi.
«Günäkärler» filmi bolsa dört heýkeljige eýe boldy. Dabara çenli bu film taryhda iň köp ugurdan hödürlenen kino hökmünde uly seslenme döredipdi. «RBK-nyň» habar bermegine görä, «Günäkärler» filminiň 12 ugur boýunça utulmagy hem özboluşly bir rekord boldy.
2026-njy ýylyň «Oskar» baýragynyň ýeňijileri
Iň gowy film — («Söweş yzyndan söweş» («Битва за битвой»)
Iň gowy režissýor — Pol Tomas Anderson («Söweş yzyndan söweş» («Битва за битвой»)
Iň gowy daşary ýurt çeper filmi — «Sentimental gymmatlyk» («Сентиментальная ценность»)
Iň gowy doly metražly animasion film — «K-pop arwah awçylary» («Кейпоп-охотницы на демонов»)
Iň gowy aktrisa — Jessi Bakli («Hamnet»)
Iň gowy aktýor — Maýkl B. Jordon («Günäliler» («Грешники»)
Iň gowy ikinji plandaky aktrisa — Emi Madigan («Ýaraglar» «Орудия»)
Iň gowy ikinji plandaky aktýor — Şon Penn («Söweş yzyndan söweş») («Битва за битвой»)
Iň gowy original senariýe — «Günäliler» («Грешники»)
Iň gowy uýgunlaşdyrylan senariýe — «Söweş yzyndan söweş» («Битва за битвой»)
Iň gowy original ses — «Günäliler» («Грешники»)
Iň gowy aýdym — «K-pop arwah awçylary» («Кейпоп-охотницы на демонов»)
Iň gowy montaž — «Söweş yzyndan söweş» («Битва за битвой»)
Iň gowy operatorlyk işi — «Günäliler» («Грешники»)
Iň gowy wizual effekt — «Awatar: Ot we kül» («Аватар: Пламя и пепел»)
Iň gowy egin-eşik dizaýny — «Frankenşteýn»
Iň gowy grim we saç bezegi — «Frankenşteýn»
Iň gowy sahna bezegi — «Frankenşteýn»