Dünýä çempionatynyň iň owadan goly Argentinanyň derwezesinden geçirildi (wideo)

MilliInfo

3 sagat öň

Dünýä çempionatynyň iň owadan goly Argentinanyň derwezesinden geçirildi (wideo)

FIFA-nyň habarynda aýdylşy ýaly, janköýerleriň sesleriniň netijeleri boýunça Kabo-Werdeniň goragçysy Sidni Kabralyň Argentinanyň derwezesine geçiren topy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň iň owadan goly diýlip yglan edildi.

Ýaryşyň 1/16 finalynda Kabo-Werde ýygyndysy goşmaça wagtda Argentinanyň toparyndan 2:3 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygyň 103-nji minutynda hasaby deňlemegi başaran Kabral öz toparynyň ikinji goluny geçirdi. Ýeňlişe garamazdan, bu gol ýaryşyň iň owadan goly diýlip saýlandy.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Ikinji orny Özbegistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow eýeledi. Onuň pökgini Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysynyň derwezeçisiniň üstünden aşyryp salan ajaýyp goly hem janköýerleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Iň gowy üçlügi bolsa Gaitiniň ýygyndysynyň hüjümçisi Wilson Izidor jemledi. Ol Marokkonyň ýygyndysynyň derwezesine jerime meýdançasynyň daşyndan uran batly urgusy bilen tapawutlandy.

00:00 / 00:00

480p

360p
480p

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info