Türkmenistanda iň gowy bagbanlar yglan edildi. Aşgabatda geçirilen «Güller — parahat durmuşyň bezegi» ýaryşy hakynda «МИР 24» tarapyndan berlen habarda aýdylýar.
Ýeňiş ugrunda şäheriň ýaşyl edara-kärhanalaryna wekilçilik edýän dört topar bäsleşdi. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat boldy. Birinjisinde gatnaşyjylar gül sungatynyň işlerini hödürlediler. Ikinjisinde bolsa gülçüler bezeg çemenlerini we gül sebetlerini döretdiler. Üçünji tapgyr döredijilige bagyşlandy. Gatnaşanlar edebi saz kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler.
«Ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçen bäsleşige gatnaşmak meniň üçin uly hormat we şatlyk. Biziň hemmämiziň bu gözelligi bilelikde döredýändigimize buysanýaryn. Güller hemişe meniň üçin parahatçylygyň we sazlaşygyň nyşanydy. Olar durmuşymyzy bezeýärler, toýlarda we dabaralarda şatlyk getirýärler, bu gün bolsa şeýle güller asuda bagtyýar ýaşaýşymyzyň nyşanyna öwrüldi. Men biziň işimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak şäherimiz Aşgabada ýaşyl gözellik hem bagtyýarlyk getirýär» — diýip, bäsleşigiň ýeňijisi, Berkararlyk etrap bagbançylyk bölüminiň kätibi Maýsa Ataýewa belledi.
Eminler ýaryşa gatnaşyjylara bäş ballyk derejede baha berdiler. Ýeňiji bolan topar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan türkmen halylary sowgat edildi.

