Lukmançylyk we fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri atlandyryldy

MilliInfo

7 Oktýabr, 2025

2025-nji ýylyň lukmançylyk hem-de fizika boýunça Nobel baýraklarynyň eýeleri yglan edildi.

Şunlukda, Mari Brunkow, Fred Ramsdell hem-de Şimon Sakaguçi fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri diýlip yglan edildi. Olaryň immun boýunça derňew işiniň dünýä derejesindäki ähmiýeti tassyklanyldy.  

Nobel komitetinde alymlaryň periferiki immun işi bilen bagly ähmiýetli açyşy edendikleri mälim edildi. Bu açyş immun ulgamynyň bedene zyýan ýetirmeginiň öňüni alýar. Olar immun ulgamynyň «gözegçilerini» — düzgünleşdiriji T-öýjükleri anykladylar. Bu öýjükler immun öýjükleriniň bedenimize hüjüm etmeginiň öňüni alýar.

Jon Klark, Mişel Dewore we Jon Martinis dagy bolsa fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri hökmünde atlandyryldy.

Alymlar «makroskopik kwant-mehaniki tunelleşmäni we elektrik zynjyryndaky energiýanyň kwantlaşdyrylmagyna» bagyşlanan açyşlary üçin sylaglanarlar. Bu alymlar «kwant dünýäsiniň özboluşly häsiýetleriniň eliňde tutup boljak derejede uly ulgamda amala aşyrylyp bilinjekdigini» görkezmek üçin birnäçe synaglary geçirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo