Teatrda oturan ýeriňizden Garri Potteriň jadyly dünýäsine tarap ýola düşmek isleýäňizmi? Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr siziň bu hyýallaryňyzy hakykata öwrer.
Köp sanly ýüztutmalaryň hem gelip gowuşýan haýyşlaryň esasynda Tahyr Ataýewiň orkestri ýene bir gezek size Garri Potter hakyndaky filmiň sazlaryndan ybarat bolan konsertlerini hödürleýär.
Konsertler 15-nji hem-de 16-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda ýaýbaňlandyrylar. Başlanýan wagty — 19:00.
Onda näme häzirden petekleri alyň we öz oturjak orunlaryňyzy belläň!
Habarlaşmak üçin: 55-90-15 we 862-53-28-71 telefon belgilerinden peýdalanyp bilersiňiz.
