22-nji noýabrda Türkmenistanyň sirklerinde täze we täsin tomaşalar görkeziler

MilliInfo

1 sagat öň

https://sirk.gov.tm/
22-nji noýabrda Türkmenistanyň sirklerinde täze we täsin tomaşalar görkeziler

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümi açyp, tomaşaçylara diýseň gyzykly çykyşlaryny hödürlär. Şol gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde hem täsin sirk tomaşasy guralar.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň maksatnamasyna halkara sirk festiwallarynda alty gezek ýeňiji bolup, baş baýraklary eýelän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary girizildi. Mundan başga-da, tomaşaçylara ýokary derejede tälim berlen täsin haýwanlaryň çykyşlary garaşýar.

Türkmenistanyň Döwlet sirkindäki çykyşlar barada maglumat almak we petek sargyt etmek üçin telefon belgileri: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

atchylyksirk.gov.tm

Şol gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde atlaryň we sirk artistleriniň çykyş etmeginde täsin sirk tomaşasy guralar. Şeýle hem tomaşaçylar her hepdäniň dynç güni sagat 14:00-da geçirilýän bu sirk tomaşasyna çagyrylýar.

Petekleri Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň resmi saýtyndan onlaýn tertibinde satyn alyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info