25-nji iýulda Abu-Dabi şäherinde (BAE) «UFC Fight Night 282» ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşyň esasy tutluşygynda ýarym agyr agram derejesiniň öňki çempiony russiýaly Magomed Ankalaýew bilen özbegistanly türgen Bogdan Guskow oktagonda duşuşar.
Ankalaýewiň we Guskowyň arasyndaky tutluşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 22:40-da başlamagyna garaşylýar. Abu-Dabidäki «UFC» ýaryşyna «Матч Боец» we «Матч ТВ» teleýaýlymlary arkaly göni efirde tomaşa edip bilersiňiz.
Ankalaýew soňky tutluşygyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «UFC 320» ýaryşynyň çäginde Aleks Pereýra garşy geçirdi. Şol söweşde Magomed birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar boldy we ýarym agyr agram derejesinde çempionlyk guşagyny ýitirdi. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, iki ýeňliş, bir deňlik we hasaba alynmadyk bir söweş bar.
Guskow bolsa soňky söweşini 2025-nji ýylyň dekabrynda «UFC 323» ýaryşynda Ýan Blahowiç bilen geçirdi. Bu duşuşyk eminleriň çözgüdi esasynda deňme-deňlik bilen tamamlandy. Bogdanyň hasabynda 18 ýeňiş, üç ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
