Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2-nji we 9-njy maýda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.
Dalaşgärlere uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalary enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.
Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-67-30, 94-67-05