Magtymguly adyndaky TDU we Eýranyň Ferdöwsi uniwersiteti özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

MilliInfo

12 Oktýabr, 2026

Magtymguly adyndaky TDU we Eýranyň Ferdöwsi uniwersiteti özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

10-12-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzda dowam edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyş gününde Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersitetiniň rektory Jawan Jafari Bojnordi Abdolreza we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow gol çekdiler.

Gol çekişlik dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Abdolreza Abbasi hem gatnaşdy. Bu Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň arasynda ylym-bilim pudagy babatynda hyzmatdaşlyklaryň has-da ösdürilmegine, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde pars diliniň we edebiýatynyň okadylyşynyň kämilleşdirilmegine uly itergi berer. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info