Magtymguly adyndaky TDU-da ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär

MilliInfo

4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de umumy mejlisi geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtlaryň 25-sinden bolan 60 ýokary okuw mekdepden we ylmy-barlag edaralaryndan 130 wekil, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan 217 wekil gatnaşýar.

Şeýlelikde, maslahata jemi 26 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň 86-syndan jemi professor-mugallymlaryň, alymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, doktorantlaryň 347-si gatnaşýar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden daşary ýurtly we türkmenistanly alymlardyr professor-mugallymlar Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler.

Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin hem-de global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini, medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem Hazarýaka we Aralýaka sebitlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

5-nji iýunda maslahatyň işi «Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde alnyp barlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info