13-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň 24-siniň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Daniýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Bangladeşiň, Hindistanyň, Ruandanyň, Alžiriň, Namibiýanyň, Mýanmanyň, Gruziýanyň, Kambojanyň, Tanzaniýanyň, Gananyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, hünärmenleriniň 100-den gowragy, şeýle hem Türkmenistanyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan, jemi 288 wekil gatnaşýar.
Olar ylmy-amaly maslahatyň dowamynda wekilçilik edýän ylym-bilim merkezlerinde we ýokary okuw mekdeplerinde gazanylan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik alarlar.
Ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagy ýurdumyzyň pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa geçirmek bilen, täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary esasynda, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk işleriniň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, dürli ýyllarda Bitarap Watanymyzyň strategik hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryň berk binýady bolan bilim, ylym we tehnologiýalar babatda alnyp barylýan işler taryhy ähmiýete eýe bolup durýar.
Bu ýerde Türkmenistanda we daşary ýurtlarda milli hem-de öňdebaryjy tejribelere esaslanmak hem-de halkara jemgyýetçiliginde ylmy-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ösdürmek, geljekde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde durmuşyň dürli ugurlarynda ösüşleri gazanmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ugurlarynda işleriň alnyp barylmagy barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda dost-doganlyk we özara tejribe alyşmak ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen üstünlikli alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.