Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Durdygylyç Ýarjanow «GDA-nyň iň gowy talyby» boldy

MilliInfo

22 sagat öň

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Durdygylyç Ýarjanow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.

Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiň eminler topary Durdygylyç Ýarjanowyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryny ýokary bahalandyrdylar.

Abraýly bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň netijeleriniň «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen halkara kitap ýygyndysyna girilizjekdigini bellemek gerek.

Şunlukda, halkara bäsleşikde gazanylan ýeňiş Durdygylyç Ýarjanowy GDA-nyň iň gowy talyplarynyň hataryna goşdy.

Ajaýyp netije türkmen talyplarynyň bilimlerini, mümkinçiliklerini hem zehinlerini halkara derejesinde görkezmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info