Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 5 — 9-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika boýunça halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.
Halkara olimpiadada matematikanyň algebra we kombinatorika, matematiki analiz, funksional deňlemeler, geometriýa we ähtimallyklar nazaryýeti bölümleri boýunça meseleler hödürlendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bäsleşikde 1 altyn, 3 bürünç medallara, şonuň ýaly-da, toparlaýyn bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldular.
Şahsy bäsleşikde uniwersitetiň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby Orazguly Gylyjow altyn medala, şol fakultetiniň talyby Balkan Jepbarow we matematika fakultetiniň talyplary Wepa Berdiýew hem-de Abdulla Abdullaýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Talyplar bäsleşige uniwersitetiň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar.
Olimpiada Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Çehiýanyň, Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň, Italiýanyň , Germaniýanyň, Fransiýanyň we Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerinden 180-e golaý talyp gatnaşdy.
**
Şeýle-hem uniwersitetiň talyplary 4 — 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasy — 2026» atly ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasyndaky fizika dersi boýunça bäsleşikde medallaryň 5-sine (2 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç), şonuň ýaly-da, baş baýraga mynasyp boldular.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, baş baýraga, şol hünäriň talyby Kadyrberdi Ýazdurdyýew altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew hem-de Arslan Jumaýew kümüş medallara, radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Emir Tuwakow bürünç medala mynasyp boldular.
Uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädowyň ýolbaşçylygynda talyplarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Bäsleşige Türkmenistanyň, Wýetnamyň, Gwatemalanyň, Indoneziýanyň, Filippinleriň, Malaýziýanyň, Meksikanyň, Rumyniýanyň, Mýanmanyň, Tailandyň we Gazagystan Respublikasynyň 41 ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp gatnaşdy.
