Şu gün — 15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy.
Halkara olimpiada ýurdumyzyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň, Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň 260-a golaý talyp gatnaşýar. Olar şahsy görnüşde A we B derejede bäsleşerler.
Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiada we onuň çäginde geçirilýän «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ylym-bilim ulgamyna, himiki tehnologiýalaryň ösüşiniň üstünliklerine bagyşlanan, şeýle hem milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisine aýlanyp gördüler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň aýdym-sazlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler. Bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa hünäri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin döredilen döwrebap şertler, himiýa fakultetiniň okuw binasynyň häzirki zaman okuw otaglarynyň we himiýa ylmynyň dürli ugurlaryna degişli tejribehanalaryň dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen enjamlar bilen üpjün edilendigi aýdyldy.
Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň wekilleriniň rus, hytaý, eýran, özbek, gazak, azerbaýjan, belarus, ermeni, rumyn, täjik halklarynyň aýdymlaryny, tanslaryny ýerine ýetirmegi halkara olimpiadanyň açylyş dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Berkarar Watanymyzy wasp edýän aýdym we türkmen halkynyň milli «Küştdepdi» tansy oňa gatnaşyjylarda has-da uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen!» atly aýdym ýerine ýetirilip, ol hemmelerde uly joşgun döretdi.
Ýeri gelende bellesek, olimpiada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de alymlary eminlik edýärler we synçy hökmünde gatnaşýarlar.

