Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesine agzalyk edýän hususy kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary 25-26-njy awgust aralygynda Mongoliýa döwletiniň Prezidentiniň howandarlygynda Ulan-Bator şäherinde geçirilen Telekeçi zenanlaryň bütindünýä forumyna gatnaşdylar. Şol ýerde bolup, Watanymyza agzalyk eden wekiliýetiň düzüminde «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy we direktory, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy Aýna Durdylyýewa, «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän önümçilik toplumynyň ýolbaşçysy Aýhan Rejepowa hem-de «Jennet tagty» hususy kärhanasynyň direktory Jennet Agaýewa bar. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzalarydyr we onuň telekeçilik ugurlary boýunça degişli merkezleriniň ýolbaşçylarydyr.
Türkmen zenanlary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşýarlar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň 40 göteriminden gowragy zenanlar bolup durýar. Telekeçi zenanlar bolsa ýurdumyzyň hususy pudagynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýärler. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň işini telekeçilik bilen utgaşdyran zenanlaryň netijeli zähmet çekmegine giň ýol açýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Ajaýyp forum ýurdumyzyň telekeçi zenanlarynyň dünýäniň dürli döwletlerinden bolan kärdeşleri bilen telekeçilik tejribelerini alyşmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, ähmiýetli forumda Watanymyza wekilçilik edýän kärhanalaryň biri senagatyň degişli ugrundan öňdebaryjy tejribä eýelik etse, beýlekisi türkmen gelin-gyzlarynyň kämil el işlerini döredýär. «Mähirli zenan» hususy kärhanasy bolsa kämil modalary bilen türkmen milliliginiň ajaýyp nusgalaryny janlandyrýar. Onuň iş we söwda nokatlarynda moda dünýäsiniň döwrebap tendensiýalaryna laýyk gelýän türkmen we Ýewropa stillerindäki eksklýuziw egin-eşikler hödürlenýär.
Ýurdumyzyň telekeçi zenanlarynyň Mongoliýa gulluk iş sapary 6 günläp dowam edýär.

