Türkmen talyplary Malaýa uniwersitetinde geçen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar

MilliInfo

16 Awgust, 2025

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän Malaýa uniwersitetiniň çakylygy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Onuň esasy mowzugy Durnukly ösüş maksatlary we daşky gurşawy goramak hakynda boldy.

Bir hepdeläp dowam eden okuw maksatnamasyna laýyklykda, Malaýa uniwersitetiniň professorlarydyr mugallymlary häzirki zaman arhitekturasy hakynda tanyşdyryşlar bilen çykyş etdiler. Dürli ýurtlaryň talyplaryndan ybarat bolan toparlar daşky gurşaw we ony gorap saklamak bilen bagly çykyşlar boýunça bäsleşdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Akmämmet Annalyýewiň halypalyk etmeginde talyp oglan-gyzlardan ybarat bolan topar bu ugurda aýratyn tapawutlandy. Tomusky okuw sapagyna gatnaşyp, işjeňlik görkezen türkmen talyplaryna Malaýa uniwersitetiniň adyndan ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

«Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň» çäginde geçirilen tomusky okuw maksatnamasy iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ýaşlarymyzyň dürli ýurtlardan gelen talyplar bilen pikir alşyp, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Oňa gatnaşan ýaşlar döwrebap bilim almaklary, häzirki zaman ylmyndan kämil baş çykarmaklary babatda döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo